Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: 291 boş pasport bilen iki adam tussag edildi


Gazagystanyň Almatydaky halkara aeroportynda gazak milletine degişli boş pasportlaryň ençemesini alyp barýan Gong-Kongyň iki raýaty tussag edildi. Bu barada Gazagystanyň resmileri habar berýärler.
Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň duşenbe güni ýaýradan maglumatyna görä, ýurduň serhet gullukçylary gürrüňi edilýän iki adamda gazak milletine degişli 291 boş pasporty, şol sanda adatça Gazagystanyň resmileri üçin berilýän 41 sany gazak gulluk pasportyny ele geçiripdirler.
Maglumatlarda pasportlaryň biriniň içindäki ýazgylaryň eýýäm doldurylandygy we ulanylmaga taýýardygy aýdylýar.
Gürrüňi edilýän iki adam Almatydan Gong-Konga uçmagy planlaşdyrýardy.
Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komiteti waka bilen baglylykda derňewe başlady.
XS
SM
MD
LG