Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Diktatoryň gollanmasy: Krym krizisiniň sapaklary


Orsýetiň Ukrainany anneksiýa etmeginiň tarapdarlary, Moskwa, 18-nji mart, 2014.
Orsýetiň Ukrainany anneksiýa etmeginiň tarapdarlary, Moskwa, 18-nji mart, 2014.
Orsýetiň Krym ýarymadasyny öz golastyna almagynyň tizligi we ýeňilligi dünýäniň uly bölegini sarsdyrdy. Emma bu ýagdaýa getiren faktorlar ençeme ýylyň dowamynda emele gelipdi. AÝ/AR-nyň habarçysy Deýzi Sindelar geljekki diktatorlar we olardan halas bolmak isleýänler üçin alty sany durmuş sapagyny hödürleýär.

1. Ýadro ýaragyňdan el çekme

Ýigrimi ýyl mundan ozal Ukraina öz ýadro ýaragynyň kuwwaty boýunça dünýäde üçünji ýurtdy. Onuň 1 900 sany uzaga ýetýän we 2 400 sany-da gysga aralyga ýetýän söweş raketalary bardy, bu sowuk uruş döwründe SSSR-iň ýarag arsenalynyň bir bölegidi.

Emma Kiýew bu ýaraglary 1994-nji ýylda Orsýete meýletin beripdi. Şonda Howpsuzlyk kepilnamasy barada gol çekilen memorandumda Ukrainanyň ýadro ýaragyndan el çekmeginiň öwezine Orsýetiň geljekde Ukrainanyň “territorial bütewiligine we syýasy garaşsyzlygyna wehim salmajagyna ýa güýç ulanmazlygyna kepil geçilipdi”.

Şol döwürde muňa gowulyk hökmünde seredilipdi. Emma häzirki wagtda ukrain kanunçykaryjylarynyň köpüsi şol karary baglaşandyklaryna puşman edýärler we öz ýurduňa kesekileriň el urmagyny kepillendirmek üçin raketalaryň islendik memorandumlardan has agramlydygyny ýada salýarlar. Pakistandyr Hindistan mundan onlarça ýyl bäri habarly. Ýokary Radanyň kanunçykaryjysy Pawlo Ryzanenko “eger sizde ýadro ýaragy bar bolsa, adamlar size basyş etmez” diýip, “USA Today” neşirine aýtdy.

Budapeşt memorandumyna gol çeken Belarusyň we Gazagystanyň hem öz ýadro ýaraglaryndan el çekendiklerine günleriň birinde ökünmekleri ähtimal. Şol bir wagtyň özünde-de Eýran bilen Demirgazyk Koreýanyň özlerini ýadro ýaragyndan el çekdirjek bolnup edilýän basyşlara boýun boljakdyklary şübheli görünýär.

2. Ylalaşyklaryň güýji ýok

Meselä içgin seredilende, Budapeşt memorandumyna öz wagtynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň bäş hemişelik agzasynyň gol goýmagy-da Wladimir Putini Kryma el urmakdan saklap bilmedi. Orsýetiň prezidenti memorandumyň güýjüni ýitirendigini, sebäbi Kiýewiň hökümetiniň dildüwşük arkaly häkimiýet başyna geçendigini we Moskwanyň ony kanuny diýip hasap etmeýändigini aýtdy.

Budepeşt memorandumy oňa gol çeken günbatar döwletleri ABŞ-a we Beýik Britaniýa bu meselede Moskwa garşy harby çäreleri görmäge mümkinçilik bermeýär. Ylalaşyga görä, agzalýan howpsuzlyga kepil geçilýändigini aýdylýar, emma takyk howpsuzlyk kepilnamany göz öňünde tutmaýar. Şeýle kepilnama Waşington ýa London tarapyndan 1994-nji ýylda-da hödürlenmändi, häzirem hödürlenenok.

Moskwa Krymy anneksiýa etmek bilen ençeme ylalaşyklary, şol sanda BMG-niň hartiýasyny, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň hartiýasyny, 1995-nji ýylyň Helsinki deklarasiýasyny we 1997-nji ýylda gol çekilen ikitaraplaýyn ukrain-orsýet ylalaşygyny we ýakynda täzeden garalan Gara deňiz flotuna degişli ylalaşygy bozdy. Bu ylalşyga laýyklykda Orsýetiň goşunlarynyň Krymda bolmagy göz öňünde tutulýan hem bolsa, bu ýere goşmaça müňlerçe harbynyň çekilmegini göz öňünde tutmaýar. Orsýetiň bu hereketi diňe ”Ýewropada konwensional ýaragly güýçler” baradaky ylalaşygy bozmady, sebäbi Moskwa 2007-nji ýylda Gürjüstandaky uruşdan bir ýyl ozal bu ylalaşykdan çykypdy.

3. Etniki arassalaýyşlar

Eýeçilik kanunçylygyň ondan dokuz bölegidir diýilýär. Eger siz haýsy-da bolsa bir giňişlige dalaş edýän bolsaňyz, iň amatly ýol ýerli ýaşaýjylary sürüp, özüňi şol ýeriň täze köplügi diýip yglan etmekdir. Bu usul ABŞ-da ýerli amerikanlara, Horwatiýada we Bosniýada musulmanlara hem Sowet Soýuzynda Stalin döwründe ýaşan slawýan bolmadyk millionlarça adamlara garşy netiejli ulanylypdy.

200 müňden gowrak Krym tatarlary 1944-nji ýylda nasistler bilen hyzmatdaşlykda galp aýyplanyp, zor bilen Krymdan sürgün edilipdi. Etnik orslaryň ýüzlerçe müňüsi krym tararlarynyň ýerine göçürilip eltilip, ýarymadada Moskwanyň täsirini we imperiýanyň merkezine bolan loýallygy pugtalandyrypdy.

1980-nji ýyllarda tatarlar Kryma dolanyp başlanda olar Ukrain respublikasynda keseden gelen azlyk hökmünde garşy alnypdy.

Häzirki wagtda Krymda geçirilen referendumyň, hamana, 97%-den ybarat diýilýän netijesini Orsýet öz hereketlerini aklamak üçin demokratik delil hökmünde ulanmaga çalyşýar.

4. Olar ynanýan bolsa, bu ýalan däl

Adolf Gitler we onuň propagandasynyň müdiri Josef Gebbels ikisi-de uly ýalançylygyň uly tarapdarlarydy. Ýalan näçe gödek bolsa-da, ynamly öňe sürülse, adamlar muňa ynanmasalar-da, ony kabul etmegi makul bilýärler.

KGB tarapyndan türgenleşdirilip we, aýdylyşyna görä, öz ýüz keşbini gowulaşdyrmak üçin plastik operasiýasyny etdiren Putin hem uly ýalançylygy özüniň Krym kampaniýasynda ulandy we şeýle şygarlary öňe sürdi:

  1. Orslaryň hukuklary bozulýar;
  2. Orslaryň hukuklarynyň bozulmagy aladalandyrýar;
  3. Kiýewdäki häkimiýet faşistler tarapyndan basylyp alyndy;
  4. Ýagdaý çylşyrymly, ukrainleriň özleri Orsýete bosýarlar;
  5. Orsýetiň goşuny Ukraina girmedi;
  6. Biz Krymy anneksiýa etmekçi däl;

Krym baradaky bu beýannamalaryň galpdygyna şübhe ýok. Krymda Orsýetiň harbylary žurnalistlere özlerini tanatdylar. Orsýetde erkinligini häzire çenli saklan iň soňky üç sany habar agentliginiň ýapylmagy-da, soňky galplyklary tassyklady.

5. Bazarda ahlaga ýer bolmaz

Bu düşünje Soçidäki Olimpiýa oýunlarynda tassyklandy. “McDonald's”, “Coca-Cola” we “Procter & Gamble” ýaly sponsorlar Orsýetiň geýlere garşy kanuny üçin ýurda basyş etmekden ýüz öwürdiler we öz girdejilerini elden bermek islemeýändiklerini subut etdiler. Ukrainadaky krizis dünýä ýurtlarynyň hökümetleriniň-de netijesizligini görkezdi.

Ýewropa Bileleşiginiň we ABŞ-nyň sanksiýalary duşenbe güni girizýänçä, ýekeje-de gurama ýa hökümet Orsýeti Krymdaky hereketleri üçin jezalandyrmaga taýýarlyk görkezmändi.

2013-nji ýylda Orsýetiň daşyna çykarylan 63 milliard dollar Sweýsariýanyň banklarynda, Karib adalarynyň salgytdan azat giňişliklerinde we Londonda, Manhattanda hem Fransiýanyň günortasynda gymmatbaha emläk bazarlarynda ýatyrylypdy.


Ykdysady göreşler Günbatar döwletleriniň ahlak ugrundaky göreşe ukybyny şübhe astynda goýdy. Olar Orsýetiň diňe bir maýa goýumlaryna garaşly bolman, munuň aňyrsynda duran mafiýa hereketlerine hem potensial taýdan bagly boldular. Orsýetiň Merkezi banky ýurduň daşyna çykarylýan kapitalyň üçden iki böleginiň jenaýatçylykdan, paradan we salgytdan gaçyrylyp gelýän pullardan ybaratdygyny hasaplady. Üstesine, Ukrainadaky krizis Orsýetiň 2 trillion dollarlyk ykdysadyýetine täsir ýetiren hem bolsa, Krymyň anneksiýa edilmeginiň bahasynyň azyndan 3 milliard dollara durjagy hem hasap edilýär. Sanskiýalaryň ÝB-niň we ABŞ-nyň ykdysadyýetlerine ýetirip biljek täsirleri-de häzirlikçe belli däl.

6. Patriotizm erbet bolmadyk ýagdaýda oňat bolýar

Putin häkimiýet başyndaky ýyllarynyň köpüsini orslaryň milli aýratynlyk duýgusyny janlandyrmaga sarp etdi. Putin Stalinden saplanmak, Prawoslaw hristian kilisesini dikeltmek, SSSR-iň dargamagyna gynanmak, özüni dünýä diplomatiýasynda türgenleşdirmek ugrunda hereket etdi. Beýik milleti dikeltmek boýunça proýekt Kremliň liderlerine Krymyň eýelenmegini diňe bir tebigy zat hökmünde däl-de, eýse juda zerur hereket hökmünde görkezmek işini aňsatlaşdyrdy.

Putin Krymy we onuň halkyny agyr günde ýeke goýmak “dönüklikden başga bir zat däldir” diýdi. Putin ýurduň içinde patriotik çykyşlaryň döremegini gazanyp, muny Ukrainada hem ulanmak isledi we bu ýurtda bolup geçen Ýewromaýdan protestlerini aladalanmalary güýçlendirmek üçin ulandy. Orsýetiň prezidenti Ukrainada prezident Wiktor Ýanukowiçiň ýerine geçen we Günbatar tarapyndan goldanýan wagtlaýyn hökümeti milletçiler, neonasistler, rusofoblar we antisemitler diýip häsiýetlendirdi.

Ukraina Orsýeti şeýle pikirleri döretmek arkaly bilgeşleýin prowokasiýalary gurnamakda aýyplady. Gündogar Ukraina, demirgazyk Gazagystana we beýleki käbir ýurtlara gezek gelende, Orsýetiň geljekde-de ors “partiotlaryny” öz iki uçly taýagy hökmünde ulanmagy ähtimal.
XS
SM
MD
LG