Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Obama «Orsýet ýeke dur» diýýär


Prezident Barak Obama, Brýussel, 26-njy mart, 2014.
Prezident Barak Obama, Brýussel, 26-njy mart, 2014.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama çarşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň Brýusseldäki edarasyna sapary mahalynda Ukrainanyň Krym ýarymadasy babatdaky hereketlerinden soň Orsýetiň «ýeke durandygyny» aýtdy:

"Orsýetiň Ukrainadaky hereketleri diňe bir ýurda degişli däl. Olar Ýewropa ýurtlaryna hem degişli, biziň içinde ýaşaýan dünýämize hem degişli."

Obama Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Herman Wan Rompu we Ýewropa Komissiýasynyň komandiri Joze Manuel Barrosa bilen çykyş eden metbugat brifiňinde Birleşen Ştatlar bilen Ýewropanyň arasyndaky berk gatnaşyklara basyş etdi we bu gatnaşyklaryň Orsýetiň Krym ýarymadasyndaky hereketlerinden soň has berkändigini belledi:

"Birleşen Ştatlar we Ýewropa bu mesele bir-bitewi ýagdaýda dur, biz Ukraina goldaw meselesinde hem-de onuň ykdysadyýetini durnuklaşdyrmaga kömek bermek üçin ykdysady ýardam etmekde birleşen. Biz Ýewropanyň howpsuzlygy meselesine ygrarly, biz Orsýeti izolýasiýa etmekde hem Orsýetiň hereketleriniň muzduny töletmekde birleşen."

Obama Orsýetiň ýolbaşçylary Birleşen Ştatlar bilen onuň Ýewropadaky ýaranlarynyň arasyndaky baglanyşyklaryň kuwwatyna kembaha garan ýaly görünýär diýdi:

"Eger rus ýolbaşçylygynda kimdir biri dünýä olaryň Ukrainadaky hereketleri babatda aladalanmaz diýip pikir etse, ýa-da olar Ýewropa Bileleşigi bilen Birleşen Ştatlaryň arasyna çöp atarys diýip pikir etseler, gaty ýalňyşýarlar."

Obama Birleşen Ştatlaryň öz Ýewropadaky ýaranlarynyň energiýa zerurlyklaryna hötde gelip bilmekleri üçin elden gelen kömegini etjegini aýtdy, emma ol Ýewropanyň, energiýa çeşmelerini diwersifikasiýa etmek çärelerini agtarýan wagtynda, diňe Birleşen Ştatlara seretmän, eýsem ýerli energiýa mümkinçiliklerine hem üns bermeginiň gerekdigini belledi.
XS
SM
MD
LG