Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama patyşa Abdylla bilen duşuşdy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama, iki ýurduň arasynda Eýranyň ýadro programmasy we Siriýadaky raýat urşy sebäpli dörän dartgynlyklar arasynda, Riýadda patyşa Abdylla bilen duşuşdy.

Anna güni bolan iki sagatlyk gepleşiklerden soň Ak tamyň ýaýradan beýanatynda Obamanyň patyşa özüniň Eýran babatda ýaramaz ylalaşygy kabul etmejegini aýdandygy habar berilýär.

Uly derejeli saud resmileri geçen ýyl, ABŞ-nyň Eýran bilen ylalaşmak tagallalary we Siriýa harby gatyşma gol ýapmazlygy sebäpli, Waşington bilen arada uly böwşeňligiň emele gelendigini aýdypdylar.

Saud Arabystany Amerikanyň Siriýadaky pitneçilere has köp goldaw bermegini isleýär.
XS
SM
MD
LG