Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina-NATO: Türgenleşik makullandy


Ukrainanyň parlamenti NATO döwletleri bilen harby türgenleşikleriň ençemesini geçirmegi makullady. Şol bir wagtda-da Orsýetiň parlamentiniň ýokarky öýi Ukraina bilen Gara deňiz floty baradaky ylalaşygy ýatyrmak boýunça ses berişlik geçirdi.

Ukrainanyň NATO bilen harby türgenleşikleri ýurduň günortasynda we günbatarynda maý we noýabr aýlarynyň aralygynda geçiriler.

Orsýetiň Federasiýa geňeşi sişenbe günki ses berişliginde Ukraina bilen Gara deňiz floty baradaky ylalaşygy ýatyrmagy biragyzdan goldady. Bu karar duşenbe güni Orsýetiň parlamentiniň aşaky öýi Döwlet Dumasy tarapyndan hem biragyzdan goldanypdy.

2010-njy ýylda Orsýet we Ukraina Orsýetiň Ukrainadan kireýne alan Sewastopoldaky harby bazasy boýunça şertnamasyny 2042-nji ýyla çenli uzaltmak barada ylalaşypdy. Ylalaşykda Orsýet Ukraina kireýn üçin ýylda 98 million dollar töleýärdi we Ukraina akdyrýan gaz üçin nyrhlaryň arzanladylmagyny göz öňünde tutýardy.
XS
SM
MD
LG