Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

​Nazarbaýewiň gyzy wezipä bellenildi


Gazagystanyň prezidentiniň uly gyzy ýurduň parlamenti - Mejlisiň aşaky öýüniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

Häkimiýetdäki “Nur-Otan” partiýasy Dariga Nazarbaýewanyň dalaşgärligini yglan edenden soň, penşenbe güni Mejlisiň deputatlary Nazarbaýewanyň kandidaturasy üçin biragyzdan ses berdiler.

Bu aralykda “Nur-Otan” partiýasynyň beýleki agzasy Kabibolla Žakypow penşenbe güni Mejlisiň başlygy wezipesine saýlandy. Mejlisiň öňki ýolbaşçysy Nurlan Nigmatullin prezidentiň diwanynyň başlygy wezipesine bellenipdi.

Gazagystanyň hökümetindäki we parlamentindäki üýtgetmeler ýurduň premýer-ministri Serik Ahmetowyň çarşenbe güni duýdansyz işden çekilmegi netijesinde amala aşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG