Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: ozalky prezidente höküm çykdy


Bişkegiň Birinji maý sudy ozalky prezident Kurmanbek Bakyýewe we onuň maşgala agzalaryna garşy gaýybana uzak möhletli türme hökümlerini çykardy.

Olar daşary ýurt biznesmenini öldürmek barada dil düwüşmekde aýyplanýar. Suduň anna güni çykaran kararynda öňki prezident Bakyýewe, emlägini konfiskasiýa etmek bilen 25 ýyl, onuň dogany, döwlet howpsuzlyk gullugynyň başlygy bolan Janyşa ömürlik tussaglyk hökümlerini çykardy.

Bakyýewiň ogly Marat 20 ýyla, ýene bir ogly Maksim bolsa, emlägini konfiskasiýa etmek bilen, ömürlik tussaglyga höküm edildi.

Olar britan biznesmeni Sean Deýlini öldürmegi planlaşdyrmakda günäli tapyldy.
XS
SM
MD
LG