Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Gyrgyzystan: Iki resmi tussag edildi


Gyrgyzystanda žurnalistiň öldürilmegi bilen ilteşikli ýurduň Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet komitetiniň iki ofiseri tussag edildi.

Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasynyň wekilleriniň duşenbe güni Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, goňşy Gazagystanyň derňewçileri gürrüňi edilýän ofiserleri jenaýaty amala aşyrmakda şübheli diýip yglan edenlerinden soň, olar tussag edilipdirler. Tussag edilenleriň şahsyýeti barada maglumat berilmeýär.

Asly orsýetli gyrgyz žurnalisti Gennadi Pawlýuk 2009-njy ýylyň dekabr aýynda Gazagystanyň Almaty şäherindäki jaýdan aşak zyňylandan birnäçe gün soň ölüpdi.

Žurnalistiň dogan-garyndaşlary we kärdeşleri Pawlýugyň ýurduň öňki prezidenti Kurmanbek Bakiýew we onuň hökümetine garşy oppozision hereketine goşulandygyny aýdyp, onuň öldürilmeginiň syýasy maksatlydygyny öňe sürüpdiler.

Mundan ozal Gyrgyzystanyň howpsuzlyk gullugynyň ofiseri we iki gazak raýaty Pawlýugyň öldürilmegine gatnaşmakda günäli tapylyp, 2011-nji ýylda türme tussaglygyna höküm edilipdiler.
XS
SM
MD
LG