Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan saýlawlaryndan türkmenler nähili netije çykardy?


Owganystanda geçirilen prezidentlik saýlawlary
Owganystanda geçirilen prezidentlik saýlawlary
Owganystanda 5-nji aprelde prezidentlik hem welaýat geňeşlikleri boýunça saýlawlar geçirildi. Saýlawlaryň ähli umumy netijesi henize çenli yglan edilmedi, emma berlen sesleriň diňe 10%-niň esasynda berlen maglumata görä, prezident saýlawlary boýunça Abdylla Abdylla öňde barýar.

Milleti boýunça täjik Abdylla öňe saýlanan dalaşgärlerden diňe biri, häzirki döwürde ikinji orunda duran Aşref Gani, ol milleti boýunça peştun bolup, orunbasary hökmünde özbek kommandiri Abdyl Reşit Dostumy saýlapdy.

Üçünji orunda duran kandidat hem milleti boýunça peştun bolan Zalmaý Rasoldyr. Dalaşgärler bilen bilelikde olaryň orunbasarlarynyň arasynda hem etniki türkmen ýok. Hatda sanlary üç million töweregi diýilip çak edilýän türkmenler agzybirlikde diňe bir kandidaty hem goldap bilmediler.

Olaryň arasynda Ganini goldan hem boldy, Abdyllanyň tarapyny çalan hem, hatda kandidatlykdan ýarym ýolda çekilen ýolbaşçylaryň tarapyny tutanlar hem boldy. Eýsem bu saýlawlaryň netijesine dürli taraplary goldap çykyş eden türkmenleriň özleri nähili baha berýärler?

Bu saýlawlardan türkmenler nähili netije çykardylar? Gelejekki saylawlarda göz öňünde tutýan planlary nämelerden ybarat? Dünýa Türkmenleri gepleşigimiziň nobatdaky tapgyrynda ynha şu tema hakda gürrüň etmekçi.

Bu barada sizi hem öz pikiriňizi aýtmaga çagyrýarys, isleseňiz öz pikiriňizi aşakdaky teswir bölüminde galdyryň, eger programma gatnaşmak isleseňiz, bize hat ýazyň, siz bilen özümiz habarlaşarys, salgymyz: hat@azatradio.org.
XS
SM
MD
LG