Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Ukraina: Bronetank ulaglary görünýär


Ukrainanyň gündogarynda Russiýanyň baýdaklaryny galgadýan harby ulaglaryň hereket edýändigi görüldi. Gürrüňi edilýän bu ulaglar Kramators şäheriniň içinden geçip, soňra Slowýansk şäherine bardylar. Ulaglaryň ýokarysynda onlarça ýörite harby lybasly adamlar otyrdy.

Internetde ýaýradylan bu wideoda ukrain güýçleri Russiýa tarapdary separatistlere goşulmaga geçen ýaly bolup görünýär, emma Ukrainanyň Daşary işler ministrligi özüniň hiç bir harby ulagynyň başgalar tarapyndan ele salynmandygyny we esgerleriň tarap saýlamandygyny habar berýär.

Bu aralykda, 16-njy aprelde separatistler regionyň esasy şäheri Donetskiň şäher administrasiýa jaýyna böwsüp girdiler. Şäher geňeşiniň metbugat wekiliniň sözlerine görä, azyndan 20 ýaragly adam binanyň gözegçiligini ele geçiripdir.
XS
SM
MD
LG