Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain lideri reforma planlaryny aýdýar


Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk we iş başyndaky prezident Oleksandr Turçinow ýurtda geçiriljek konstitusiýa reformasy barada bilelikde telewideniýede çykyş etdi.

Ýatsenýuk 18-nji apreldäki çykyşynda öz hökümetiniň planlaşdyrýan köptaraply kanun reformasyna häkimiýeti merkezsizleşdirmegiň hem girýändigini, munuň ýurduň regionlaryny we ýerli geňeşlerini has güýçlendirjekdigini aýtdy.

Şeýle-de Ýatsenýuk düzedilen konstitusiýada rus diline ýörite durumyň beriljekdigini we onuň goragynyň kepillendiriljekdigini aýtdy.

Ýatsenýuk milli bitewilige çagyrdy we adamlaryň zorlukly hereketlerden saklanmagyny sorady.

Mundanam başga, Ýatsenýuk parlamenti ýurduň gündogar böleginde protestlere gatnaşyp, tussag edilen adamlaryň günäsini geçmek baradaky kanun taslamasyny tassyklamaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG