Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Biden: ABŞ ukrain liderleri bilen bile


ABŞ-nyň wide-prezidenti Joe Biden Kiýewe saparynyň dowamynda eden çykyşynda ABŞ-nyň Ukrainanyň ykdysadyýetine kömek bermäge taýýardygyny, emma korrupsiýany aradan aýyrmak üçin has köp işiň edilmelidigini aýtdy.

“Siz öz sistemaňyzda kök uran korrupsiýa çişine garşy göreşmeli”, diýip Biden aýtdy.

Biden Ukrainanyň kemsidiji howplar we agyr problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny belläp, ABŞ-nyň ukrain liderlerine milli bütewiligi gazanmak we energiýa taýdan garaşsyzlygy üpjün etmek ugrunda ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy. Şeýle-de, Biden ABŞ-nyň howpsuzlyk güýçlerine ýardam bermäge, şol sanda kommunikasiýa, bombalary ýok etmek boýunça tehnologiýar we transport hem inženerlik enjamlary bilen baglylykda jemi 20 million dollarlyk ýardam berjekdigini mälim etdi.

Bideniň Kiýewe bu sapary Ukrainanyň we Orsýetiň arasynda dartgynlylygyň dowam edýän wagtynda amala aşyrylýar.

Ukrainanyň parlamentiniň agzalarynyň öňünde eden bu çykyşynda Biden ýurtda 25-nji maýda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň ýurduň taryhyndaky iň möhüm ses berişlik boljakdygyny aýtdy.

Biden 22-nji aprelde Ukrainanyň prezidenti wezipesini ýerine ýetirýän Oleksandr Turçinow we premýer-ministr Arseniý Ýatsenýuk bilen duşudy.
XS
SM
MD
LG