Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Gazagystan raýatlyk almagy çaltlaşdyrýar


Gazak hökümeti daşary ýurtlardan gelýän etniki gazaklaryň raýatlyk almak düzgünlerini çaltlaşdyrmak üçin ýurduň migrasiýa hakyndaky kanunyna täze üýtgetmeler girizmek barada mälim etdi.

Gazagystanyň zähmet we sosial goraglylyk ministri Tamara Duisenowanyň 22-nji aprelde Astanada beren maglumatyna görä, gürrüňi edilýän kanuna üýtgetmeler girizmek baradaky taslama laýyklykda daşary ýurtlardan Gazagystana barýan etniki gazaklar we hemişelik ýaşamaga ygtyýarnama almak isleýänler gazak raýatlygyny bir ýylyň dowamynda alyp bilerler.

Gazagystanda häzirki wagt hereket edýän kanuna görä, daşary ýurtdan baran etniki gazaklar raýatlyga ýüzlenmezinden ozal ýurtda azyndan dört ýyl ýaşan bolmalydy we bu mesele çözülýänçä üç ýyla çenli wagt garaşmaly bolýardy.

Gazagystan özüniň repatriasiýa, ýagny etniki gazaklary watana dolandyrmak programmasyna 1991-nji ýylda başlapdy. Şondan soň 944 müňden gowrak etniki gazak Gazagystana dolandy. Olar Gazagystanyň 17 millionlyk ilatynyň 5%-den gowragyny emele getirýärler.
XS
SM
MD
LG