Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Silde 100-den gowrak owgan öldi


Owganystandan gelýän habarlarda ýurduň demirgazygynda we demirgazyk-günbatarynda iki gün ýagan ýagyşdan soň gelen sil 100-den gowrak adamy öldürdi, müňlerçe adamy bolsa ýaşaýan ýerinden bosdurdy diýilýär.

Jowuzjan welaýatynyň polisiýa başlygy Faker Mohammad Jowuzjani 25-nji aprelde welaýatyň sil pidalarynyň 55-siniň jesediniň tapylandygyny aýtdy.

Bulara welaýat paýtagty Şybyrganda ölen 16 adam hem girýär. Goşdepe, Darzap, Hojadokoh obalaryny suw basansoň, galan pidalar tapylanok.

Jowuzjani gelýän günlerde ölenleriň sanynyň köpelmeginiň ahmaldygyny aýtdy.

Ol dikuçarlaryň eýýäm 1500-e golaý adamy golaýdaky howpsuz ýere göçürendigini hem habar berdi.

Ýerli resmiler 25-nji aprelde Farýap welaýatynda silden 33 adamyň, Hyrat welaýatynda 6, Badgisde we Sar-e Pulda 13 adamyň ölendigini aýtdylar.
XS
SM
MD
LG