Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Separatistler gözegçilere "içaly" diýýär


Ýaragly adam separatistler tarapyndan eýelenen regional binany gorýar, Slowýansk, 25-nji aprel, 2014.
Ýaragly adam separatistler tarapyndan eýelenen regional binany gorýar, Slowýansk, 25-nji aprel, 2014.
Gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistler Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň gözegçiler toparyny zamun hökmünde saklap, ýesirleriň «NATO-nyň içalylarydygyny» aýtdylar.

Donetsk şäherindäki separatistleriň lideridigini aýdýan Denis Puşilin 26-njy aprelde ÝEHHG-nyň gözegçileri «biziň tussaglarymyz bilen çalşylar» diýdi.

Puşilin şeýle çalşygyň ÝHHG-nyň gözegçileriniň azat edilip biljek ýeke-täk ýoludugyny aýtdy.

Puşilin Slowýanskde, howpsuzlyk gullugynyň basylyp alnan binasynyň öňünde, gözegçileriň 25-nji aprelde tussag edileli bäri saklanýan ýeriniň işiginde çykyp gürledi.

Gözegçiler toparyna dört sany germaniýaly, olaryň üçüsi harbylardan, bäş sany ukrain esgeri girýär diýip bilinýär.

Şeýle-de ol ýerde daniýaly, polşaly, şwesiýaly we çehiýaly dört sany harby gözegçi bolup, olar bu ýere ÝHHG-nyň toparynyň bir bölegi hökmünde barypdy.

ÝHHG Twitterde tussag edilen topary, Ukrainanyň haýyşy boýunça, 2011-nji ýylyň Wena dokumentiniň harby aýdyňlyk baradaky düzgünleri esasynda, bu regiona derňew-barlag geçirmek üçin iberilen topar hökmünde häsiýetlendirdi.

Ukrainanyň Içeri işler ministrligi 26-njy aprelde bu topary azat etmek üçin gepleşikleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Slowýanskiniň separatist lideri Wýaçeslaw Ponamarew Orsýetiň telewideniýe habar toparyna ÝHHG-nyň missiýasynyň agzalarynyň «NATO-nyň agza ýurtlarynyň aňtaw ofiserleri» diýip hasaplanýandygyny aýtdy.

Ol separatistler ÝHHG-nyň missiýasy «biziň ýurdumyzyň territoriýasyna girýän harby adamlary hem öz içine almalydyr» öýtmeýär diýdi.

Orsýetiň ÝHHG-däki wekili Andreý Kelin 26-njy aprelde Moskwa tussag edilen topary azat etmek üçin «mümkin bolan ähli çäräni görer» diýdi.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti, sözçi Jen Psakiniň «ol ýerde bu separatistler bilen Orsýetiň arasynda berk baglanyşyk bar» diýmegi bilen, ÝHHG-nyň toparynyň derhal azat edilmegine çagyrdy.

Slowýansk gündogar Ukrainada orsýetçi separatistleriň hökümet binalaryny we polisiýa stansiýalaryny basyp alan on çemesi şäheriniň diňe biri.
XS
SM
MD
LG