Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Kabul: Çaknyşykda 60 söweşiji öldi


Owganystanyň aňtaw gullugy ýurduň günorta-gündogarynda bolan çaknyşyklarda owgan güýçleriniň azyndan 60 söweşijini öldürendigini habar berýär. Owgan harbylary Günbataryň howa güýçleriniň goldawy bilen operasiýany geçirdi.

Owganystanyň Milli howpsuzlyk direktoratynyň 30-njy aprelde beren maglumatyna görä, gürrüňi edilýän territoriýadaky çaknyşyk daşary ýurtly we “Hakkani” toparynyň 300 çemesi söweşijisi ýurduň Paktika welaýatynyň Ziruk etrabyndaky owgan güýçleriniň barlag-gözegçilik postlaryna hüjüm etmäge synanyşan mahaly başlapdyr.

Owganystanyň Goranmak ministrliginiň resmileri bu wakada azyndan bäş owgan esgeriniň ölendigini mälim etdi. Şeýle-de, resmiler çaknyşyklarda bir owgan esgeriniň alnyp gaçylandygyny we başga-da altysynyň ýaralanandygyny habar berdiler.
XS
SM
MD
LG