Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Kiýewi günäleýär


Kreml Odessada adam heläkçiliginiň bolmagyna Kiýewdäki hökümet we onuň günbatarly goldawçylary günäkär diýýär.

Şeýle-de Kreml gündogar Ukrainada bolýan wakalara nähili çäre görmelidigini bilip bolmaýandygyny boýun alýar. 2-nji maýda, günortadaky port şäherde, düşnüksiz ýagdaýlarda 30-dan gowrak adam, köpüsi orsýetçi aktiwistler, ýangynda heläk boldy.

Orsýetiň prezidentiniň sözçüsi Dmitriý Peskowyň sözlerine salgylanyp, Orsýetiň indi Ukrainanyň gündogaryndaky rus dillilere täsiriniň ýokdugyny aýdandygy habar berildi, emma ol ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin mümkin bolan ähli zadyň ediljekdigini hem sözüne goşupdyr.

Onuň bu sözleri orsýetçi separatistleriň ÝHHG-nyň harby gözegçilerini we olaryň ukrain kömekçilerini azat eden wagtyna gabat geldi. Olar Slowýanskde 25-nji aprelden bäri tussaglykda saklanýardy.

Ukrainanyň içeri işler ministri Arsen Awakow (Arsen Avakov) biraz öň orsýetçi separatistlere garşy geçirilýän harby operasiýalaryň 3-nji maý güni, daňdan gaýtadan başlanandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG