Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosnia-Herzegowina saýlawlara taýýarlanýar


Bosnia-Herzegowinada 12-nji oktýabrda ähliumumy saýlawlar geçiriler. Bu syýasy waka öňki Ýugoslawiýa respublikasynyň ÝB-ne girmek üçin ykdysady we syýasy reformalary amala aşyrmaga çalyşýan wagtynda geçiriler.

Ýurduň prezidentlik we parlament saýlawlarynda ses bermek üçin jemi 3.2 million ses beriji hasaba alnypdyr.

Bosniýada bolan uruşdan soň Bosniýanyň düzümine giren Republika Srbska atly regionyň ses berijileri hem öz prezidentini saýlarlar. 2010-njy ýyldan bäri Republika Srpska Milorad Dodik prezidentlik edýär.
XS
SM
MD
LG