Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk käninde 301 adam öldi


Halas edijiler şu hede Türkiýäiň günbataryndaky kömür käninde bolan partlamadan soňky gözleg-agtaryş operasiýalaryny bes etdiler.

17-nji maýda, gum basan adamlaryň iň soňky jesetleri hem ýokaryk çykarylanda, ölenleriň sany 301 boldy.

13-nji maýda Soma şäherinde bolan şahta partlamasy Türkiýede kömür käninde bolan iň elhenç heläkçilik boldy.

Türkiýede bu waka hökümet jogabyndan nägile bolan adamlar gahar-gazaply protest bildirdiler.

16-njy maýda polisiýa Somadaky ýüzlerçe protestçini dargytmak üçin suw toplaryny we göz ýaşardyjy gaz ulandy.
XS
SM
MD
LG