Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çagasyny satan özbegistanly tutuldy


Orsýetiň günorta-gündogar şäheri Wolgogradyň polisiýasy ýaňy bolan çagasyny satmakçy bolan özbegistanly aýaly we erkek adamy tussag etdi.

Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, 29 ýaşly özbegistanly zenan we onuň 21 ýaşly özbek milletli ýoldaşy 19-njy maýda öz gyzyny 400 rubla ýagny 11 500 müň amerikan dollaryna satmagyndan soň tussag edilipdir.

Geçen aýda Moskwa regionynyň polisiýasy özbegistanly ýene bir maşgalany
tussag edipdi. Özbegistanly är-aýal 18 aýlyk ogluny we ýaňy doglan gyzyny 1 million rubla (28,900$) satmaga synanyşypdy.
XS
SM
MD
LG