Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Kabul: 27 ofiser alnyp gaçyldy


Owganystanyň demirgazyk-gündogaryndaky Badahşan welaýatynda 27 polisiýa ofiseri “Talyban” tarapyndan zamun alyndy.

Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň Badahşan welaýat polisiýa başlygy general Fazeluddin Aýara salgylanyp berýän maglumatyna görä, gürrüňi edilýän 27 ofiser 21-nji maýda Ýamgan etrabyndaky gowagyň içinde “Talyban” bilen söweşipdir. Soňra etrap ýaşulularynyň araçylyk etmegi netijesinde ofiserler ok atyşygy bes edip, ýaraglaryny taşlamagy we “Talyban” tarapyndan alnyp gidilmegi kabul edipdirler.

General Aýar alnyp gaçylan ofiserleriň häzirki wagtda nirede ýerleşýändiklerini kesgitlemek üçin gözlegleriň dowam edýändigini aýtdy.

Söweşijiler 21-nji maýda Badahşan welaýatyndaky birnäçe barlag-gözegçilik nokadyna duzak gurnadylar we welaýatyň Ýamgan etrabynda azyndan alty polisiýa ofiserini öldürdiler.
XS
SM
MD
LG