Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawaz Şarif Nýu-Delä bardy


Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif Hindistanyň täze premýer-ministri hökmünde Narendra Modiniň wezipä başlamagy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary gowulandyrmak üçin “ajaýyp bir pursat we ajaýyp bir mümkinçilik” diýdi.

Nýu-Delide beren maglumatynda Şarif iki ýurduň hem güýçli saýlaw mandatynyň bardygyny aýdyp, “munuň birek-biregine aralaşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdigini” belledi.

1947-nji ýylda Pakistan döwleti döredileni bäri Şarif hindi lideriniň kasam ediş dabarasyna gatnaşan pakistanly ilkinji premýer-ministrdir.

Modi bilen Şarif 27-nji maýda resmi gepleşikleri geçirmegi planlaşdyrýarlar.
1947-nji ýylda Britaniýadan garaşsyzlygyny alany bäri Pakistan we Hindistan dawaly Kaşmir regiony sebäpli üç urşy başdan geçirdiler.
XS
SM
MD
LG