Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Donetsk: Separatistler agyr ýitgi çekdi


Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk şäherinde Orsýete tarapdar separatistler gozgalaňçy söweşijileriň onlarçasynyň wepat bolandygyny habar berdiler. Bu ýerde separatistleriň we Ukrainanyň hökümet güýçleriniň arasynda güýçli söweşler boldy.

26-njy maýda bolan söweşde hökümet güýçleri harby uçarlary we harby dikuçarlary ulandylar. Ukrainanyň gündogarynda iki aý mundan ozal durnuksyzlyk emele geleli bäri söweşler ilkinji gezek Donetsk şäherine ýaýrady.

Ady agzalmadyk separatiste salgylanyp habar berilişine görä, 24 sagadyň dowamynda 30-35 söweşiji öldürilipdir.

Donetskiň öz-özüni ykrar eden halk ýolbaşçysy Pawel Gubarew hökümet güýçleriniň ýaralanan gozgalaňçylary keselhana alyp barýan ýuk maşyny oka tutup, 35 adamy öldürendigini ýene 15 adamy ýaralandygyny aýtdy.

Bu maglumatlaryň şol bir waka degişli bolup-bolmandygy dessine mälim edilmedi.
XS
SM
MD
LG