Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Donetsk: Çaknyşyklar dowam edýär


27-nji maýda separatistleriň bir toparynyň Donetskiniň buzda oýnalýan hokkeý stadionyny otlady.
27-nji maýda separatistleriň bir toparynyň Donetskiniň buzda oýnalýan hokkeý stadionyny otlady.
Gündogar Ukrainadaky Donetsk şäheriniň eteklerinde 27-nji maýda hem wagtal-wagtal çaknyşyklaryň ýüze çykandygy barada maglumatlar gowuşýar. Düýnki bolan agyr çaknyşyklarda orsýetparaz separatistleriň onlarçasynyň öldürilendigi habar berilýär.

Donetskiň häkimi Oleksandr Lukýançenko 26-njy maý güni bolan çaknyşyklarda 40 adamyň, şol sanda parahat ilatdan bolan iki adamyň öldürilendigini aýtdy. Emma Lukýançenko galan 38 adamyň kimlerdigini, ýagny olaryň separatistlere ýa-da hökümet güýçlerine degişlidigini anyklaşdyrmady.

Ukrainanyň içeri işler ministri Arsen Awakow hiç hili anyk sanlary getirmezden, jeňçileriň agyr ýitgileri çekendigini öňe sürdi. Ol hökümet güýçleriniň hataryndan hiç kimiň öldürilmändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Aeroport

Separatistler Donetskiniň aeroprotyny eýelänlerinden soň hökümet güýçleri olara garşy harby söweş uçarlaryny we dikuçarlary ulanyp başlady. Bu Ukrainanyň gündogar sebitlerinde iki aý mundan ozal başlanan tolgunyşyklardan soň Donetskde ýüze çykan ilkinji çaknyşyk boldy.

27-nji maýda eden çykyşynda Awakow hökümet güýçleriniň Donetskiniň aeroportuna doly gözegçilik edýändiklerini aýtdy. Emma aeroportuň metbugat wekili Dmitriý Kosinow AFP habar gullugyna beren maglumatynda edil häzir aeroporta kimiň kontrollyk edýändigini aýtmagyň kyndygyny bildirdi.

Premýer-ministriň birinji orunbasary Witaliý Ýarema “Ukrainanyň territoriýasynda soňky terrorist” ýok edilýänçä “antiterror operasiýanyň” dowam etdiriljekdigini belledi.

27-nji maýda separatistleriň bir toparynyň Donetskiniň buzda oýnalýan hokkeý stadionyny otlandygy, emma ýangyn söndürijileriň oduň hötdesinden gelendigi barada hem maglumatlar peýda boldy.

“Terroristler”

Ukrainanyň Serhet gözegçilik gullugynyň berýän maglumatyna görä, 27-nji maýda goňşy Lugansk sebitinde serhetçiler Russiýadan geçdi diýilýän jeňçileriň awtomobil kerweniniň garşysyna ot açypdyrlar. Atyşykda azyndan bir pitneçiniň öldürilendigi we ýarag alyp barýandygy aýdylýan birnäçe ulagyň hem ele salnandygy habar berilýär.

Ukrainada 25-nji maýda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň ýeňijisi Petro Poroşenko ýurduň gündogaryndaky raýatlar bilen dialoga girişjekdigini söz berdi. Emma ol “terroristler” bilen gepleşik geçirmekden ýüz öwürdi.

Şeýle-de Poroşenko “antiterror operasiýasynyň iki ýa-da üç aý dowam edip bilmejekdigini, has dogrusy, etmeli däldigini” nygtap, “onuň birki sagadyň işi bolmalydygyny” belledi.

Poroşenko Russiýanyň ýurduň gündogaryna asudalygy ornaşdyrmaga hemaýat etjekdigine umyt edýändigini we Moskwa bilen gepleşiklere taýýardygyny hem belledi.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 27-nji maýda çykyş edip, Ukrainanyň ýurduň gündogarynda alyp barýan harby operaisýalaryny dessine bes etmelidigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG