Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Heýgel: 'Hytaý durnuklylygy bozýar'


Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Çak Heýgel (Chuck Hagel) Pekiniň Günorta Hytaý deňzindäki territorial dawasy regiondaky durnuklylygy bozýar we halkara düzgünine wehim salýar diýdi.

Heýgel 31-nji maýda, Singapurdaky halkara howpsuzlyk konferensiýasynda çykyp gürläp, haçanda Hytaý «gorkuzmagy» ulanyp, gözegçiligi çäklendirýän «birtaraply herekete ýüz urýan» we halkara düzgünlerine göz ýumýan wagtynda, Birleşen Ştatlar muňa «başgaça garamaz» diýdi.

Şeýle-de Heýgel Hytaýy internet içalyçylygynda aýyplady. Biraz öň Birleşen Ştatlar Hytaýyň bäş sany harby ofiserini Birleşen Ştatlaryň kompaniýalaryndaky kompýuterlerden söwda syrlaryny ogurlamak üçin hakerlik etmekde aýyplapdy.

Heýgel Pekin Waşington bilen Demirgazyk Koreýanyň ýadro we ballistik raketa programmalaryny çäklendirmek üçin işleşmeli diýdi.

Ol bu programmalaryň regiony durnuksyzlaşdyrýandygyny we Hytaýyň öz bähbitlerine hem wehim salýandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG