Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Ýewropadaky goşun sanyny artdyrmakçy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Waşingtonyň Ýewropadaky harby güýjüni artdyrmak üçin goşmaça harby goşunyň we harby enjamlaryň iberiljekdigini aýtdy.

Ol bu pikiri 3-nji iýunda Polşanyň paýtagty Warşawada bu ýurduň prezidenti Bronislaw Komorowski bilen bilelikde geçiren metbugat ýygnagynda öňe sürdi.

“Men şu gün NATO-nyň Ýewropadaky ýaranlarynyň howpsuzlygyny berkitmek üçin täze bir inisiatiwany yglan edýärin. Şu tagallanyň çäginde ABŞ-nyň hökümeti Kongresiň goldawy bilen Ýewropa has köp güýç iberer. Biz öz güýçlerimiziň taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin harbylarymyzyň arasynda geçirilýän türgenleşikleri ýygjamlaşdyrarys” diýip, prezident Obama öz çykyşynda nygtady.

$1 milliard maliýe serişdesi

Ol şol çykyşynda bu tagallany goldamak üçin ABŞ-nyň Kongresinden 1 milliard dollar maliýe serişdesiniň göýberilmegini sorady. Obamanyň bu baradaky beýanaty rus harbylarynyň Ukraina girmeginiň ýzysüre edildi.

Moskowanyň şol ädiminden soňra NATO-nyň Ýewropanyň gündogarynda ýerleşýän agzalary öz howpsuzlyklary bilen baglanyşykly alada bildiripdiler. Polşanyň prezidenti Komorowski bu çäräniň Orsýetiň äden soňky ädimlerine gowy jogap bolandygyny belledi.

Prezident Obamanyň aýtmagyna görä, Ýewropa iberiljek goşmaça harby goşun Ýewropanyň dürli ýurtlarynda ýerleşdiriler. Obamanyň sözlerine görä, olaryň goranmak ukybyny güýçlendirmek üçin Ukraina, Moldowa we Gürjüstan ýaly ýurtlar bilen hem harby hyzmatdaşlyk artdyrylar.
ABŞ Ýewropadaky goşunyny artdyrmakçy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:44 0:00

Obama şol çykyşynda Ukrainadaky ýagdaýlar hakda hem durup geçip, gündogar Ukrainada hereket edýän ýaragly toparlaryň öz hüjümlerini bes etmegi üçin Orsýeti orsparaz pitneçilere degerli täsir etmäge çagyrdy.

Prezident Obama Orsýetiň goňşy döwlet bolan Ukrainada durnuksyzlygy artdyrmak üçin edýän tagallalaryny dowam etdiren ýagdaýynda Waşingtonyň Moskwa garşy täze sanksiýalary yglan etmeginiň hem mümkindigini duýdurdy.

Obama Ukraina barada sözlän sözünde ýene-de şeýle diýdi: “Biz Ukrainanyň tagallalaryny goldamagy dowam etdireris. Ukrainada 25-nji maýda saýlawlar geçirildi, häzir ýurtda täze saýlanan prezident bar. Ukrainanyň täze saýlanan prezidenti ýurtda Baş kanunyň maddalarynyň esasynda tertip-düzgüniň ýola goýulmagy üçin ýurduň ähli regionlarynyň ilaty bilen işleşmäge taýyndygyny aýtdy”.

Ol şol bir wagtyň özünde-de Orsýet bilen özara ynamyň gaýtadan dikeldilmeginiň ep-esli wagt aljagyny hem sözleriniň üstüne goşdy.
XS
SM
MD
LG