Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Russiýa: Ukrainadaky krizis gowşamaýar


Russiýa Ukrainanyň gündogaryndaky ýowuzlyklary togtatmak tagallalarynda “şu wagta çenli haýsy-da bolsa bir öňe gidişligiň” bolmandygy sebäpli “barha” howatyrlanýandygyny aýdýar.

Bu barada Russiýanyň habar gullugy ýurduň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň 12-nji iýunda žurnalistlere ýüzlenip eden çykyşyna salgylanyp habar berýär. Lawrow Ukrainanyň harby güýçleri tarapyndan gyrgynçylykly bombalar ýaly “gadagan edilen ýaraglary” ulanyldy diýilýän çaklamalaryň derhal derňelmegi üçin çagyryş etdi.

Şeýle-de, Lawrow Russiýa Ukrainadaky ýagdaýlar baradaky rezolýusiýanyň taslamasyny Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşine hödürleýär diýdi.

Gürrüňi edilýän bu rezolýusiýada Ukrainadaky krizisi çözmek barada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýol kartasyny durmuşa geçirmäge başlamagy üçin ukrain hökümetine çagyryş edilýär.
XS
SM
MD
LG