Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Barroza Bakuwda gepleşik geçirýär


Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jose Manuel Barroza Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada gepleşmek üçin Bakuwa geldi.

Ýewropa Komissiýasynyň Bakuwdaky missiýasynyň başlygy Malena Mard Barrozanyň sapary Azerbaýjanyň ÝB-niň Assosiasiýa şertnamasyna gol çekmek ähtimallygy meselesine bagyşlanýar diýdi.

Şeýle-de Barrozanyň Ýewropa Günorta gaz koridory arkaly tebigy gaz getirmek meselesine üns bermegine garaşylýar.

Barroza Bakuwa 13-nji iýunda, Moldowa hem Gürjüstana sapar edeninden soň geldi.
XS
SM
MD
LG