Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganlar ses berýär


«Talyban» haýbatlaryna garamazdan, owgan saýlawçylary Kabulda prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ses bermek üçin uzyn nobatlara düzüldi.

Ozalky daşary işler ministri Abdylla Abdylla ozalky maliýe ministri Aşraf Gani bilen möhleti dolan prezident Hamid Karzaýyň ornuny almak ugrunda bäsleşýär.

Bu Owganystanda häkimiýetiň ilkinji gezek demokratik esaslarda bir adamdan başgasyna geçmegi bolmaly.

"Talyban" halka saýlaw uçastoklaryndan uzakda durmalydygyny aýdyp, duýduryş berdi.

Emma ses berişligiň ilkinji sagatlarynda uly bir hüjüm edilendigi barada habar çykmady. 5-nji aprelde geçen saýlawlarda Abdyllanyň öňe saýlanandygy aýdylýar.

Prezident saýlawlarynyň soňky netijeleriniň 22-nji iýulda yglan edilmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG