Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Ukraina akdyrýan gazyny çäklendirdi


"Gazpromyň" başlygy A.Miller (s) Ukainanyň energiýa ministri we ÝB-niň energiýa komissary bilen Kiýewde geçiren gepleşiginden soň, 16-njy iýun, 2014.
"Gazpromyň" başlygy A.Miller (s) Ukainanyň energiýa ministri we ÝB-niň energiýa komissary bilen Kiýewde geçiren gepleşiginden soň, 16-njy iýun, 2014.
Orsýet gaz tölegleri üçin 16-njy iýuna bellenen wagt möhletiniň dolmagy bilen, Ukraina akdyrylýan gazyň çäklendirilendigini habar berdi.

”Gazpromuň” metbugat-wekili Sergeý Kupriýanow Ukrainanyň bellenen wagt möhletine çenli zerur tölegleri tölemändigi üçin Moskwanyň Kiýewi gaz bilen üpjün etmäge kanun taýdan borçly däldigini aýtdy: “Bu karar bar bolan şertnama doly laýyklykda kabul edildi we şu gün Moskwa wagty bilen sagat 10-dan başlap “NAK Naftogaz Ukrainy” gazy eden tölegine laýyklykda alar”.

Kupriýanow, Moskwanyň bellän wagt möhletiniň gutarmagynyň birnäçe sagat öň ýanyndan, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan Kiýewde gurnalan gepleşikleriň şowsuz tamamlanandygyny belledi.

Borçlar we kepilnamalar

Kupriýanow Ukrainanyň ”Gazpromuň” Ýewropadaky müşderilerine gazyň päsgelçiliksiz akdyrylmagyny kepillendirmäge borçludygyny aýtdy.

Ukrainanyň energiýa ministri Ýuriý Prodanyň 16-njy iýunda aýtmagyna görä, “Ukraina hem ýurtdaky sarp edijileriň gaz bilen üpjünçiligine hem-de Ýewropa ýurtlaryna gazyň eksportunyň durnuklylygyna güwä geçmekçi”.

”Gazprom” Ukrainanyň gaz üçin 4,5 milliard dollar bergisini tölemegini gazanmak üçin Stokgolmyň arbitraž suduna ýüz tutandygyny aýtdy.

Ukrainanyň ”Naftogaz” döwlet kompaniýasynyň ýolbaşçysy Andriý Kobolew 16-njy iýunda Orsýetiň Ukraina gaz akdyrmagyny togtadandygyny tassyklady. Emma Kobolew dekabr aýyna çenli özlerinde ýeterlik gaz ätiýaçlygynyň bardygyny hem aýtdy.

Mundan öň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, eger Kiýew 16-njy iýuna çenli 1.95 milliard dollar tölemese, gaz akdyrylmagynyň bes ediljegini duýdurypdy.

ÝB-niň plany

Ýewropa Komissiýasynyň beýannamasyna görä, ÝB-niň Energiýa boýunça komissary Gunther Oettinger tarapyndan öňe sürlen plan Kiýewiň 16-njy iýunda 1 milliard dollar tölemäge taýýar bolmagyny we bergisiniň galan bölegini 2014-nji ýylyň aýagyna çenli tölemegini göz öňünde tutupdy. Emma Orsýet bu plany ret etdi.

ÝB-niň Energiýa boýunça komissary Gunther Oettingeriň metbugat wekili Sabine Berger 16-njy iýunda Brýusselde ÝB-niň komissiýasynyň maslahatynda eden çykyşynda şeýle diýdi: “Orsýetiň gepleşiklere dolanmaga isleglidigi barada yşaratlar düýn edildi. Aýdylyşy ýaly, biz häzir maslahatlaşýarys we biz tiz wagtda üç taraplaýyn gepleşikleri dowam etdirip biljegimize umyt baglaýarys”.

Ýewropa Bileleşiginiň plany Kiýewiň gazyň her kubometri üçin gyşda 385 dollar, tomusda bolsa 300 dollar töweregi pul tölemegini göz öňüne tutýar. Putin bolsa gazyň gutarnykly nyrhynyň 385 dollardygyny aýdýar.

Oettinger iýunda ýene gepleşik geçirmegi planlaşdyrýandygyny aýtdy we Moskwany, belki-de käbir kiçeňräk üýtgeşiklikler esasynda barlyşykly teklibe gaýtadan garamaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG