Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Howpsuzlyk ministri käýinç aldy


Türkmenistanyň Howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe käýinç berildi. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlygy geňeşiniň 3-nji iýulda geçirilen maslahatynda prezident G.Berdimuhamedowyň Berdiýewiň wezipe borçlaryny kadaly ýerine ýetirmändigi we özüne ynanylan edaralaryň alyp barýan işlerine gözegçiligi gowşadandygy üçin käýinç berilendigi resmi maglumatlarda aýdyldy.

Maslahatda ýurduň harby we kanuny goraýjy edaralarynyň alty aýyň dowamynda amala şayrylan işleri barada hasabat berildi.

Resmi maglumatlarda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýolbaşçysy M.Yslamowyň döwlet serhedini bikanun kesip geçilmeginiň öňüni almak we serhet goşunlarynda disiplina düzgünlerini pugtalandyrmak boýunça şu ýylyň başyndan bäri edilen işler barada hasabat berendigi aýdyldy, emma edilen işler takyklaşdyrylmady.

Türkmenistan serhet howpsuzlygy boýunça Owganystan bilen soňky aýlarda birnäçe maslahat geçirdi. Bahar aýlarynda türkmen-owgan serhedinde azyndan 6 türkmen serhetçisiniň öldürilendigi barada habar berilipdi.

XS
SM
MD
LG