Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina pitneçiler bilen gepleşigi ret edýär


Fransiýanyň prezident edarasy Fransua Olland bilen Barak Obamanyň Putin bilen telefonda 45 minut gepleşendiklerini aýtdy.
Fransiýanyň prezident edarasy Fransua Olland bilen Barak Obamanyň Putin bilen telefonda 45 minut gepleşendiklerini aýtdy.

Ukraina, pitneçiler doly ýaragsyzlanýança, orsýetçi separatistler bilen islendik ýaraşygy inkär etdi. Günbatar liderleri bolsa, dartgynlyklary gowşatmak üçin, Orsýetiň ara goşulmagyna çagyrýarlar.

Ukrainanyň goranmak ministri Waleriý Heleteý 8-nji iýulda ýaýradan beýanatynda «gepleşikler diňe pitneçileriň ýaraglaryny doly taşlan ýagdaýynda mümkin» diýdi.

Ukrain harbylarynyň soňky günlerdäki üstünlikleri pitneçileriň köpüsini Donetskä we Luhanskä yza çekilmäge mejbur etdi.

Pitneçiler gaýtadan toplanmakçy

Hökümet güýçleri pitneçileriň esasy berkitmesini, Slowýanskini yzyna alanlaryndan soň, pitneçiler Donetsk we Luhansk şäherlerinde gaýtadan toplanmagy wada berdiler.

Ukrain prezidenti Petro Poroşenko goşunlaryň şäherleriň daşyny gabamagyny we pitneçileriň mundan aňryk ýarag bilen üpjün edilmeginiň öňüni almagy buýurdy. Şol bir wagtda graždan adamlaryň ol ýerleri terk etmegine rugsat beriljegi aýdylýar.

Separatistler harby gabaw synanyşygynyň syýasy çözgüt babatdaky islendik umydy weýran etjegini aýdýarlar.

7-nji iýuldaky habarlarda separatistleriň Donetskdäki berkitmesine eltýän ýollardaky üç köpriniň partladylandygy aýdylýar. Aýdylmagyna görä, bu köpriler separatistler tarapyndan weýran edilipdir.

Emma pitneçiler Nowobahmutiwka we Seleznewke obalarynda ýerleşen köprüleriň Kiýewe tarapdar «zyýankeşler» tarapyndan partladylandygyny aýtdylar.

Özüni özi jar eden Donetsk halk respublikasynyň gubernatorydygyny aýdýan Pawel Gubarew Donetskiniň çar-töwereginde hakyky partizan urşunyň turjagy bilen haýbat atdy.

Ukrain goşunlary bilen separatistleriň arasynda barýan söweşde aprelde başlanan gozgalaňdan bäri 400-den gowrak adam ölüp, müňlerçe adam öýsüz galdy.

Ukrainanyň hökümeti geçen hepde 10 günlük ýaraşygy bes edip, şondan bäri pitneçilere garşy söweşi güýçlendirdi.

Günbatar Putine ýüzlenýär

Şu aralykda, 7-nji iýulda Fransiýanyň we Birleşen Ştatlaryň prezidentleri rus kärdeşlerine telefon edip, Wladimir Putini gündogar Ukraianadaky Moskwa tarapdar pitneçilere Kiýew bilen gepleşik üçin basyş ýetmäge çagyrdylar.
Fransiýanyň prezident edarasy Fransua Olland bilen Barak Obamanyň Putin bilen telefonda 45 minut gepleşendiklerini aýtdy.

Bu gepleşikde olaryň prezident Putinden separatistlere basyş edip, olaryň ukrain häkimiýetleri bilen daialoga razylyk bermeklerini gazanmagy, şeýle-de rus-ukrain serhedine kontrollugy güýçlendirmegi sorandyklary aýdylýar.
Obama bilen Olland Ukrainadaky krizisiň uzak möhletli çözgüdiniň diňe syýasy çözgüt boljagyny hem nygtapdyr.

Ak tamyň aýratynlykda ýaýradan beýanatynda Obama bilen Ollandyň, Moskwa gündogar Ukrainadaky dartgynlyklary gowşatmak üçin gyssagly çäre görmese, Ýewropa Orsýete goşmaça basyş görkezmeli diýen karara gelendigi aýdylýar.

Ak tam olaryň Orsýet serhetdäki ýarag tranzitine rugsat bermek we ýardam etmek, ukrain serhediniň golaýynda goşun üýşürmek we separatistlere goldaw bermek ýaly «durnuksyzlaşdyryjy işlerini» bes etmeli diýen ylalaşyga gelendiklerini aýtdy.

XS
SM
MD
LG