Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Küşt türkmeniň milli oýny bolsa...


Ýaş küştçüler, Aşgabat, 8-nji aprel, 2010.
Ýaş küştçüler, Aşgabat, 8-nji aprel, 2010.

1959-nji ýyllaryň ahyry. SSSR-iň küşt boýunça komandalyk ýaryşynyň Täjigistanyň paýtagty Duşanbede geçirilen gezeginiň yz ýanynda «Şahmaty – 64. Şahmatnoe obozreniýe» žurnalynda berlen makalanyň awtory özüniň bu ýaryşda Türkmenistanyň komandasyna janköýerlik etmeginiň ýeke-täk sebäbini, beýleki respublikalardan tapawutlylykda, diňe Türkmenistanda küşt klubynyň ýoklugy bilen düşündirdi.

Şol döwürde Türkmenistanda resmileşdirilen küşt mekdebem ýokdy. Emma Türkmenistanyň her obasynda küşt oýnuny söýüjileriň özara ýygnanyşyp, küşt oýnaýan ýerleri bardy. Toýlarda at çapyşygyna, göreşe, düzzime, ýüzüge baýrak goýluşy ýaly, küşt oýnuna-da baýrak goýulýardy. Küşt oýnunyň janköýerem köp bolýardy, sebäbi küşt halk arasyndaky intellektual oýunlaryň naýbaşysy hasaplanýardy.

1939-njy ýylda Moskwada geçirilen oba küştçüleriniň bütinsoýuz çempionatynda birinji ýeri alyp, oba küştçileriniň ilkinji çempiony diýen ada mynasyp bolan Täşli aga Taýlyýew Büzmeýiniň Garadaşaýak obasynyň höwesjeň küştçüleriniň wekilidi. Şol obadan Maşa pälwanam, Büzmeýiniň Akdaşaýak obasyndan Çary kör bilen Mämmet Nurmämmedowam, Baýramalydan Hojakga Hojamyradowam, Tejenden Gurban Hanowam, küştçüleriň degişme dilinde aýdyşlary ýaly, «çaýyrçylaryň» wekilleridi.

Olar küştçülik terbiýesini resmi küşt mekdeplerinden, Ýewropa küşt mekdebine mahsus küşt edebiýatyndan almandylar. Olarda şeýle mümkinçilik bolmandy. Olaryň küşt taktikasy hem strategiýasy türkmeniň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan köne küşt medeniýetine hem düzgünine, mümkin, dünýäniň ilkinji resmi däl dünýä çempiony, 10-11-nji asyrlarda ýaşan türkmen küştçüsi Muhammet As-Suli (Panow, Kurs debýutow, 1950-nji ýyllaryň başyndaky ilkinji neşiriň girişi. Soňky neşirlerde şeýle maglumat, näme üçindir, getirilmeýär, aýdaly, Fizulynyň, Nesiminiň türkmen edebiýatynyň taryhyndan «düşürilişi» ýaly…) döwrüniň küşt düzgünine daýanýardy.

Türkmenistanyň ilkinji hem ýeke-täk küşt kluby Aşgabadyň 30-njy ýaşaýyş mikroraýony gurlan döwründe (50-nji ýyllaryň ahyry - 60-njy ýyllaryň başy) Türkmenistanyň Ministrler Sowetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony, küştçi Boris Buraşnikowyň hemaýaty bilen häzirki Magtymguly prospektiniň 187-nji jaýynyň 1-nji gatynyň ýarty böleginde gurnalýar.

Garaşsyzlyk döwrüniň wezipelileriniň «hemaýaty» bilen şol klubyň ýarysy hususy dermanhana gurunjaga berildi: sowady hem medeniýeti ýerinde bolan ýedi ýadyň ýurt üçin halkyň edep görmedik dogmasyndan has ygrarly bolýandygy täzelik bolmasa-da, öwrenişibererli zat däl.

Türkmenistanda ilkinji resmi küşt mekdebi – Aşgabat şäher häkimliginiň beden terbiýe we sport komitetiniň Merkezi Küşt Mekdebi küşt klubynyň ýanyndaky ýaşaýyş jaýynyň (Magtymguly,185) taşlandy ýerzemininde entuziastlaryň zähmeti bilen gurnaldy.

Mekdebiň ýerzeminde ýerleşdirilmegine «taýak gelýänçä ýumruk» diýen ýaly wagtlaýyn çäre hökmünde garaldy. Emma ýalňyşylan eken – şol çärä şu ýyl otuz iki ýyl doldy. Şu döwrüň içinde mekdepde geçirilýän okuw-türgenleşik işleriniň derejesine-de, okuwçy hem mugallym kontingentiniň saglyk ýagdaýyna-da ýerzeminiň darlygynyň, sanitariýa hem gigiýena ýagdaýynyň pesliginiň mydama täsir edendigi jedelsiz. Emma mekdep işledi; entägem işleýär – entuziastlaryň zähmetine daýanyp işleýär.

Eger-de häzirki antisanitariýa şertlerine, ujypsyz zähmet haklaryna, tükeniksiz ýowarlardyr çärelere kaýylçylykda işläp ýören mugallymlar saý-sebäp bilen işden çykaýsalar, olaryň ýerine işe geljek tapylar öýdemok. Bolmanda trenerleriň daşary ýurtlara işe giden soňky generasiýasy, has gowurak şertler döredilse-de, ýurda işe gaýdyp gelmezler. Sebäbi olar azat zähmetiň rehnetini gören bolmalylar.

«Merkezi…» diýen söz bilen statusy giňeldilen mekdebiň garamagynda ýene birnäçe gyraky mekdep bolmaly. Emma şu günki gün merkezi küşt mekdebiniň höwri ýok, ýöne gurulýar.

Üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli Aşgabatda ýörüteleşdirilen küşt-şaşka mekdebi sportkomitetiň garamagyna berilmeli. Bu mekdep ýerzemindäki mekdebiň ýerine ulanylar.

Türkmenistanda ýene bir küşt mekdebi bar. Ol Çärjewde ýerleşýär. Mary bilen Daşoguzda hem-de Magtymguly etrabynda sanaýmaly küşt seksiýalary bar. Mekdepler bilen seksiýalaryň hiç birinde-de kömekçi ştatlar ýok. Emma sportkomitetler welin bar – islendik ýurtdakyça bar.

Goý, bolsunlar. Emma şolaryň ýany bilen, Azerbaýjandaky ýaly, her etrapda bir küşt mekdebi, Gazagystandaky ýaly, oblastlarda küşt federasiýalaram bolaýsa, prezidentiň wada berşi ýaly, ýurda güýçli trenerleriň gelmegi üçin şertler döredilse, Türkmenistanyň küşt komandasy 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziýa Oýunlaryna taýýarlykly hem mertebeli baryp bilerdi.

Küşt türkmeniň milli oýny ahyryn!

Nurberdi Nurmämmet, blogda öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.

XS
SM
MD
LG