Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen milli saz sungaty we ýaşlar


Türkmen çagasynyň dutar çalmaga höwes edýän pursady.
Türkmen çagasynyň dutar çalmaga höwes edýän pursady.

Türkmenistanda asyrlara geçip gelýän milli aýdym-saz medeniýeti bar. Türkmenler gadymlardan bäri dutarda ýa-da tamdyrada, gyjakda, tüýdükde, gopuzda saz çalyp aýdym aýdypdyrlar, küşt depipdirler.

Eýsem, şu günki günde türkmen ýaşlary halk däplerine esaslanýan aýdym-saz medeniýeti, milli saz gurallary bilen näderejede gyzyklanýar? Ýaşlaryň arasynda bu saz gurallarynda saz çalmagy öwrenmek, köne halypalaryň aýdym-saz däplerini dowam etdirmek bilen gyzyklanýanlar köpmi? Şonuň bilen birlikde milli aýdym-saz medeniýetiniň ýaşlaryň arasynda diňlenişi nähili?

Umuman, türkmen milli aýdym-sazy meselesi barada türkmen ýaşlary näme pikirde? Bu baradaky garaýyşlaryňyzy, pikirleriňizi, bellikleriňizi biziň bilen paýlaşyň. Gepleşigimize gatnaşmak üçin bolsa, biziň hat@azatradio.org email adresimizden peýdalanyň. Garaýyşlaryňyzy aşakdaky teswir bölüminde hem galdyryp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG