Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml: Sanksiýalar "primitiw"


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin.

Russiýanyň Ukrainadaky hereketleri üçin Kreml Birleşen Ştatlaryň we Ýewropa Bileleşiginiň Moskwa garşy girizen güýçli sanksiýalaryna uçrady.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan 17-nji iýulda ýaýradylan beýanatda bu sanksiýalar “Ukrainadaky wakalaryň ösüşiniň Waşingtonyň ýazan senarisinden tapawutlanýandygy üçin primitiw ar almak synanyşygy” diýlip atlandyryldy. Bu beýanatda “biziň bu şantažlara çydamaga niýetimiz ýok we muňa gaýtawul bermek baradaky hukugy özümizde galdyrýarys” diýilýär.

“Biz ençeme sapar Russiýa bilen dürli gerimdäki islendik göwrümli sanksiýalaryň dilinde gürleşmek peýdasyz diýipdik” diýip, ministrlik öz beýanatynda belleýär.

16-njy iýulda Waşington ilkinji gezek Russiýanyň bank, harby we energetika pudaklaryny gönüden-göni nyşana alýan täze sanksiýalary yglan etdi. Bu sanksiýalar “Kalaşnikow” ýarag öndürýän zawodyndan başlap, “Rosneft” we “Nowatek” ýaly energetika kompaniýalaryny öz içine alýan ençeme rus kompaniýalaryna öz täsirini ýetirer.

Ondan başga-da Russiýanyň Daşary işler ministrligi öz beýanatynda “Birleşen Ştatlaryň şantažyna” Ýewropa Bileleşigi tarapyndan giň “ýol berilmegine” Russiýanyň aşa gynandygyny aýdyp, gürrüňi gidýän bileleşige öz igenjini sürtýär.

Premýer-ministr Dmitriý Medwedew 17-nji iýulda sanksiýalary Orsýetiň garşysyna edilen “ýamanlyk” diýip atlandyryp, şeýle çäreleriň hiç wagt hiç kimi dyzyna çökerip bilmejekdigini aýtdy.

Gürrüňi gidýän sanksiýalar Waşington tarapyndan yglan edilenden sähel wagt soň, Braziliýa edýän saparynyň dowamynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin žurnalistlere beren maglumatynda bu sanksiýalar “Birleşen Ştatlar bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklary çykgynsyz ýagdaýa alyp baryp, özara gatnaşyklara çynlakaý zeper ýetirip biler” diýdi.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama gündogar Ukrainanadaky ýowuzlyklaryň güýjemegini togtatmak üçin Russiýanyň takyk ädimleri ätmändigi zerarly täze we has berk sanksiýalaryň girizilendigini mälim etdi.

Obama: “Biz Russiýanyň Ukrainanyň garşysyna alyp barýan hereketleriniň hökman netijeleriniň boljakdygyny rus liderleriniň ýene bir sapar görmegine garaşýarys” diýip, öz sözüni şeýle dowam etdirdi: “Biz Russiýanyň goranyş maksatly kompaniýalarynyň birnäçesiniň bank hasaplaryny doňdurýarys we Russiýanyň iň esasy bankalarynyň we energetika kompaniýalarynyň birnäçesi babatda täze maliýeleşdirmeleriň amala aşyrylmak mümkinçiliginiň öňüni petikelýäris. Bu sanksiýalaryň gerimi ozalkylardan ep-esli giňdir, emma olar Russiýa güýçli täsir ýetirmäge gönükdirilip, şol bir wagtyň özünde-de olaryň amerikan kompaniýalaryna ýa-da onuň ýaranlaryna täsiri çäklendirilýär”.

Garşysyna sanksiýalar girizilen rus kompaniýalarynyň arasynda Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki nebit kompaniýasy - “Rosneft”, döwlet eýeçiligindäki - “Wneşekenombank”, ýagny “Daşaryykdysadybank”, tebigy gaz öndüriji - “Nowatek” we “Gazprom” kompaniýasyny maliýeleşdirýän “Gazprombank”, ýagny “Gazsenagatbank” bar.

Garşysyna sanksiýa girizilen şahsyýetleriň we kärhanalaryň sanawynda Russiýanyň döwlet kontrollygyndaky “Gazprom” kompaniýasy ýa-da onuň ýolbaşçysy Alekseý Milleriň ady ýok.

Mundan ozalky girizilen sanksiýalar, bilşiňiz ýaly, esasan Russiýanyň aýry-aýry adamlaryna we olaryň Birleşen Ştatlara sapar etmegine garşy gönükdirilipdi.

Birleşen Ştatlaryň Maliýe ministrligi şeýle-de öz-özüni jar eden Donetsk we Lugansk halk respublikasyna, “Fedosia” kärhanasyna, Krymyň nebit kompaniýasyna we Russiýanyň ýarag öndürijilerine, şol sanda “Kalaşnikow” kärhanasyna garşy sanksiýalary girizdi.

Bu aralykda, Brýusselde geçirilen duşuşyklardan soň, Ýewropa Bileleşiginiň liderleri hem Orsýete garşy täze, has giň gerimli sanksiýalaryň girizilmegini tassykladylar.

Ýewropa Bileleşiginiň bu barada ýaýradan beýanatynda Ýewropa Bileleşiginiň Orsýete garşy ýakyn günlerde girizjek sanksiýalarynda gündogar “Ukrainadaky durnuksyzlyga we Krymyň basylyp alynmagyna jogapkär rus resmileriniň, bu agressiýany maliýe ýa-da maddy goldawlar bilen işjeň üpjün edýän şahslaryň we edaralaryň” nyşana alynjakdygy bellenilýär.

Şeýle-de beýanatda sanksiýalaryň nyşanasyna alynjak şahslaryň we edaralaryň atlaryny Ýewropa ýurtlary şu aýyň ahyryna çenli yglan ederler diýilýär.

Mundan başga-da Ýewropa Bileleşigine degişli 28 ýurduň liderleri Ýewropanyň Rekonstruksiýa we ösüş banky arkaly Russiýada täze proýektleri maliýeleşdirmek boýunça ähli işleri soňa goýmak kararyna geldiler.

XS
SM
MD
LG