Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Donald Tusk Orsýetiň howpy barada duýdurýar


Polşanyň premýer-ministri Donald Tusk
Polşanyň premýer-ministri Donald Tusk

Polşanyň premýer-ministri Donald Tusk Orsýetiň Ukraina harby taýdan göni goşulyşmak howpunyň edil häzir “soňky birnäçe güne garanda” has ýokarlanandygyny çak etmäge esas berýän maglumatlaryň özüne gowşandygyny aýtdy.

"Bizde muny çak etmäge esas bar we bize soňky birnäçe sagadyň dowamynda şeýle maglumatlar gowuşdy, ýagny Orsýetiň harbylarynyň Ukrainanyň içki işlerine gös-göni goşulyşmagynyň töwekgelçiligi birnäçe gün mundan ozalkysyna garanda has ýokarlandy” diýip, Tusk 6-njy awgustda Warşawada eden çykyşynda aýtdy.

Polşanyň hökümet baştutanynyň bu çykyşy Orsýet goşunlarynyň Ukrainanyň gündogar serhetlerinde jemlenýändigi barada habar serişdeleriniň beren maglumatlaryna gabat geldi.

“Harby türgenleşik”

4-nji awgustda Moskwa ýurduň günbatar we merkezi böleklerinde, şol sanda Ukraina bilen serhetdeş giňişliklerde harby türgenleşikleri geçirýändigini yglan etdi.

Şol türgenleşiklere 100-den gowrak harby uçar we hüjüm ediji dikuçarlar gatnaşdyrylýar.

ABŞ-nyň we Ukrainanyň resmileri Orsýetiň harbylarynyň Ukrainanyň serhetleriniň golaýynda ýerleşdirilmegine aladalanma bildirdiler. 6-njy awgustda NATO Orsýetiň bu ýerdäki harbylarynyň sanyny 20 000 adam diýip kesgitledi.

NATO-nyň metbugat wekili Oana Lungesku bu guramanyň beýannamasynda Moskwanyň öz goşunlaryny Ukraina ibermek üçin ynsanperwerlik ýa-da parahatçylygy goraýjylyk bahanalaryny ulanmagynyň ähtimaldygyny aradan aýyrmady.

NATO-nyň beýannamasynyň öňüsyrasynda BMG-niň resmileri gündogar Ukrainada hökümet güýçleriniň we orsýetparaz separatistleriň arasynda Donetsk hem Lugansk şäherleriniň töwereginde alnyp barylýan söweşler zerarly gumanitar krizisiň möwjeýändigini aýtdylar.

Kiýewde hökümetiň metbugat wekili orsýetparaz separatistleriň garşysyna amala aşyrylan agyr hüjümlerde soňky 24 sagadyň dowamynda 18 esgeriň wepat bolandygyny aýtdy. Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we Goranmak geňeşiniň metbugat wekili Andriy Lysenko 54 esgeriň ýaralanandygyny aýtdy.

Orsýetparaz separatistler soňky alty hepdäniň dowamynda hökümet güýçleriniň basyşy astynda yza çekilip, häzir Ukrainanyň 10%-den azrak giňişligine gözegçilik edýärler.

Gumanitar ýagdaý

Orsýetiň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin 5-nji agwustda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde eden çykyşynda Lugansk we Donetsk şäherlerinde gumanitar ýagdaýy aýylganç diýip atlandyrdy we Orsýetiň bu şäherlere öz ynsanperwer güýçlerini iberip, ýerli ýaşaýjylara ýardam bermek isleýändigini aýtdy.

“Ukrainanyň raýatlary öz oturymly ýerlerini köpçülikleýin terk etmegi dowam etdirýärler. Orsýet Federasiýasynyň serhetlerini eýýäm 800 000 adam kesip geçdi we ýurtda galdy” diýip, Çurkin öz çykyşynda mälim etdi.

Emma BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň käbir agzalary bu dörän krizisde Orsýetiň özüni aýypladylar we separatistleriň Orsýetden ýardam alýandygyny hem-de orsýet goşunlarynyň serhetde ýerleşdirilmeginiň pitneçilere meçew berýändigini nygtadylar.

XS
SM
MD
LG