Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Söweşijiler täze şäherçeleri ele saldy


Yrakda “Yslam döwleti” ýurduň demirgazygyndaky iň uly hristian şäherçesini we onuň daş-töweregindäki territoriýalary ele saldy. Bu çäre on müňlerçe adamyň göçmegine sebäp boldy.

Sünnileriň ýolbaşçylygyndaky ekstremistler tarapyndan Karakoş sebitiniň ele salynmagy, geçen hepdäniň soňunda kemsidiji görnüşdäki ýeňlişe sezewar bolan kürt Peşmerga söweşijileriniň gijäň ýary sebitden çykmagynyň yz ýany amala aşdy.

Şeýle-de, söweşijiler ýaşaýjylarynyň aglabasy hristianlardan ybarat Tall Kaýf, Bartella we Karamleş ýaly şäherçeleri hem ele saldylar.

Kürt telewideniýesi 6-njy awgustda Mahmour we Gwar sebitlerini hem söweşijileriň eýeländigini habar berýär. Ýaşaýjylary kürtlerden ybarat bu sebitler Irbil şäheriniň 30 kilometr günbatarynda ýerleşýär.

Yragyň resmileri 6-njy awgustda Mosul şäherinde amala aşyrylan howa zarbasynda bir binanyň nyşana alnandygyny aýdýarlar. Sünni söweşijileriň kontrollygyndaky jaýa amala aşyrylan bu hüjümde azyndan 60 adamyň öldürilendigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG