Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Yrakda hüjümlerine başlady


Pentagonyň metbugat wekili Birleşen Ştatlar “Yslam döwletiniň” artilleriýa ýaraglaryna gönükdirip, 8-nji awgustda howa hüjümlerini amala aşyrdy diýdi. “Yslam döwleti” artilleriýa ýaraglaryny ýurduň demirgazygyndaky Irbil şäherini goraýan Kürt güýçlerine garşy amala aşyrylýardy.

Beýanatda Jon Kribi (John Kirby) Birleşen Ştatlaryň iki uruş uçary Irbiliň golaýyndaky hereketli artilleriýa düzümleriniň üstüne lazer ugrukdyryjyly bombalary zyňdy diýýär.

Mundan öň, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama, zerur bolan ýagdaýda, Yrakdaky yslamçy söweşijilerine garşy howa zarbalaryny amala aşyrmaklary üçin ýurduň harbylaryna ygtyýar berendigini aýdypdy. Ol bu çäräniň Birleşen Ştatlaryň Yragyň Irbil şäherindäki harby we diplomatik işgärlerini goramak üçin amala aşyrylýandygyny belläpdi.

Obama “Yslam döwletiniň” söweşijileri tarapyndan on müňlerçe ýazidiniň duzaga düşürilmegini ýatlap geçip, “biz potensial genosidiň amala aşyrylmagynyň öňüni almak üçin seresaply we jogapkär hereket edip bileris” diýdi.

XS
SM
MD
LG