Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikaly yslamçy Siriýada öldi


Ak Tam Siriýada yslamçy jeňçileriň hatarynda söweşýän diýip ynanylýan amerikalynyň ölendigini tassyk etdi.

Birleşen Ştatlaryň uly resmileri 26-njy awgustda Yrakda we Siriýada uly territoriýany eýelän «Yslam döwleti» üçin söweşýän Doglas Makatur Makkeýniň (Douglas McAuthur McCain), aýdylmagyna görä, 24-nji awgustdaky söweşde ölendigini aýtdylar.

Makkeýn on ýyl ozal yslam dinini kabul edipdi.

Şu aralykda amerikan mediasy «Yslam döwletiniň» geçen ýyl Siriýada alnyp gaçylan amerikaly kömek işgäri üçin 6.6 million dollar talap edýändigini ýazdy.

XS
SM
MD
LG