Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Atçylykda ataly-agtyk öňe saýlandy


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” ady berildi. Döwlet baştutanyna bu ady bermek barada Mejlisiň karar çykarandygy türkmen metbugatynyň maglumatynda aýdyldy.

Resmi maglumata görä, G.Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” ady, hususan-da, onuň türkmen atlarynyň şohradyny dikeltmek ugrunda bitiren ägirt uly hyzmatlary we çapyksuwarlygyň ýokary ussatlygy üçin berilipdir.

Bu hormatly at hususy atşynaslara Ilmyrat Agamyradowa we Orazguly Babalyýewe hem berildi.

7-nji sentýabrda Atçylyk toplumynda güýzki at çapyşyk möwsüminiň açylyş dabarasynda ýaşlaryň arasyndaky ýaryşda Türkmenistanyň prezidentiniň agtygyna birinji baýrak berildi. Ol Garahan atly ata münüpdir.
Prezident Berdimuhamedowyň bu atyň üstünde 26-njy aprelde geçirilen at çapyşykda birinji bolup pellehana ýetendigi habar berilipdi.

XS
SM
MD
LG