Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: 1999-yň partlamalarynyň pidalary ýatlanýar


Moskwada onlarça adam 15 ýyl mundan ozal bomba partlamasynyň bolan ýerine gül eltdiler we şem ýakdylar. 1999-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda ýaşaýyş jaýlarda bolan partlamalarda 92 adam wepat bolupdy we 200-den gowrak adam ýaralanypdy.

1999-njy ýylyň sentýabr aýynda Orsýetiň günortasyndaky Buýnaksk we Wolgodonsk şäherlerinde-de, Moskwada-da ýene bir meňzeş partlama boldy.

Häkimiýetler bu partlamalarda çeçen separatistlerini aýypladylar.

Şol döwürde Orsýetiň premýer-ministri bolan Wladimir Putin berk jogap berjegini adyp, Çeçenistanda ikinji urşy başlapdy. Urşyň goldanmagy Putiniň meşhurlygyny artdyryp, oňa 2000-nji ýylyň prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanmaga ýardam beripdi.

Kremliň käbir tankytçylary şol bomba partlamalaryny gurnamakda Orsýetiň häkimiýetlerini aýypladylar.

XS
SM
MD
LG