Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosmonawtlar ýere dolandy


Orsýetiň iki kosmonawty we NASA-nyň astronawty ýarym ýyllap kosmosda Halkara kosmos stansiýasynda bolmagyndan soň 11-nji sentýabrda Gazagystanda ýere düşdüler.

10-njy sentýabrda Stewe Swanson, Aleksandr Skwortsow we Oleg Artemýew özlerini mart aýynda Halkara kosmiki stansiýasyna alyp baran Orsýetiň “Soýuz” kosmos gämisinde gaýdyp geldiler.

Orsýetli kosmonawt Maksim Suraýew, NASA-nyň astronawty Reid Wiseman we Ýewropanyň Kosmos agentliginiň astronawty Aleksandr Gerst Halkara kosmos stansiýasynda galýarlar.

Indiki komandanyň kosmosa sentýabr aýynda iberilmegine garaşylýar.

Orsýetli kosmonawt Ýelena Serowa bu topara girer we kosmosa uçan orsýetli dördünji zenan bolup, soňky 20 ýylyň dowamynda kosmosa uçan ilkinji zenan bolar.

XS
SM
MD
LG