Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MAG: YD-nyň söweşijileri köpeldi


Birleşen Ştatlaryň Merkezi aňtaw gullugy – CIA häzirki wagt “Yslam döwletiniň” Siriýadaky we Yrakdaky söweşijileriniň sanynyň 20 müň bilen 31 müň 500 aralygyndadygyna ynanýandygyny habar berýär.

Birleşen Ştatlaryň Merkezi aňtaw gullugynyň metbugat wekili Raýan Trapani özüniň 11-nji sentýabrda beren maglumatynda bu täze sanlaryň jeminiň agzalaryň köpelendigini şöhlelendirýändigini, muny bolsa iýun aýyndan bäri söweş meýdanynda gazanylan üstünlikler, Halyfatyň yglan edilmegi bilen bagly azgalýan topara işe çekilen adamlaryň güýçlenendigi bilen düşündirýär.

Mundan ozal “Yslam döwletiniň” söweşijileriniň sany 10 müň çemesi diýlip çaklanylýardy. Bu täze sanlar amerikan aňtaw gullugynyň maý aýy bilen awgust aýy aralygyndaky derňewlerine esaslanýar.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama 10-njy sentýabrda halka ýüzlenip eden çykyşynda “Yslam döwletini” ýok etmäge wada beripdi.

XS
SM
MD
LG