Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yraga harby kömek wada berilýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (çepde) we Yragyň prezidenti Faud Masum (sagda). Pariž. 15-nji sentýabr, 2014 ý.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (çepde) we Yragyň prezidenti Faud Masum (sagda). Pariž. 15-nji sentýabr, 2014 ý.

Parižde Yrak boýunça konferensiýa gatnaşýan 30 çemesi ýurt we gurama Bagdada “Yslam döwleti” atly söweşiji topara garşy göreşmek üçin “zerur harby kömegi” bermek barada ylalaşdylar.

15-nji sentýabrda esasan günbatar döwletleri we arap döwletleri tarapyndan ýaýradylan bilelikdäki beýannamada “Yslam döwleti” babatynda çäre görmegiň “ilkinji nobatdaky” mesele bolup durýandygy aýdyldy.

Şol bir wagtyň özünde-de harby ýardamyň görnüşleri kesgitlenmedi.

Yragyň prezidenti Fuad Masum konferensiýada eden çykyşynda “YD” garşy tiz we berk çäreleriň zerurdygyny belläp, bu soweşjeň toparyň has uly giňişlikleri basyp alyp, has uly howp döredip biljekdigini duýdurdy.

Masum “tiz we radikal kararlar gerek” diýip aýtdy we ”Yslam döwleti” diýilýän ýaragly toparyň söweşijilerini genosidde aýyplady hem adamzada garşy jenaýatçylyklara baş uran “ganhorlar” diýip atlandyrdy.

Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland YD-niň söweşijileriniň global howpy döredýändigini we olara global derejede jogap berilmelidigini aýtdy. “Yrak halkynyň terrorçylyga garşy söweşi biziň hem göreşimizdir. Biz bilelikde hereket etmeli” diýdi.

15-nji sentýabrda Fransiýa Yraga ýardam bermek maksdy bilen ýurduň howa giňişliginde barlag uçuşlaryny amala aşyryp başlady. Bu uçuşlar Birleşen Arap Emirlikleriniň Al-Dhafra bazasyndan amala aşyrylýar.

Hyzmatdaşlyk

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Pariždäki konferensiýa Ýakyn Gündogara eden saparynyň yz ýany gatnaşdy. Ol bu saparyň dowamynda on arap ýurdy bilen söweşijilere garşy göreş boýunça hyzmatdaşlyk barada gepleşik geçirdi.

ABŞ Yragyň hökümet güýçlerine awgust aýyndan bäri howadan zarba urmak arkaly ýardam berip gelýär.

Britaniýa hem özüniň Kiprdäki regional bazasyndan peýdalanyp, Yraga uçuşlary amala aşyrýar.

Prezident Barak Obamanyň 10-njy sentýabrda aýtmagyna görä, ABŞ söweşijileriň Siriýadaky we Yrakdaky bazalaryna howadan zarba urmak we bu topary doly ýok etmek üçin halkara koalisiýany döretmek ýaly ädimleri amala aşyrar.

Kerry ABŞ-nyň öz howa zarbalaryny Siriýanyň hökümeti bilen koordinirlemejegini mälim etdi.

Howa zarbalary

14-nji sentýabrda ABŞ-nyň Döwlet departamenti ençeme arap döwletleriniň “Yslam döwleti” atly söweşiji topara Siriýada we Yrakda howadan zarba urmagy wada berendigini habar berdi.

Şol günüň özünde Awstraliýa bu harby kampaniýa üçin 600 çemesi harbysyny we 10 sany harby uçaryny hödürledi.

Pariždäki konferensiýanyň öňüsyrasynda “Yslam döwleti” Britaniýanyň raýaty Dawid Hainesiň kellesiniň kesilip öldürilýän wideosyny ýaýratdy we ýene bir britan raýatyny öldürjegini aýtdy.

Iýun aýyndan bäri Yragyň uly giňişligini basyp alan söweşiji topar Siriýada zamun alnan iki amerikan žurnalistiniň öldürilmegini görkezýän wideony hem ýaýradypdy. Bu wideolar “Yslam döwletine” garşy halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirdi.

XS
SM
MD
LG