Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abhaziýada atiwistler ýöriş geçirdi


Gürjüstanda onlarça adam Şotlandiýanyň bitaraplygy üçin öz goldawlaryny beýan etmek maksady bilen ýurduň separatist Abhaziýa regionynda ýygnandylar.

Şotlandiýa garaşsyz ýurt bolmak ýa-da Beýik Britaniýanyň düzüminde galmak barada 18-nji sentýabrda referendum geçirdi.

Şotlandlar referendumda ses berýän mahaly, bu millete öz raýdaşlygyny beýan etmek üçin “Abhaz” ýaşlar guramasynyň 100 çemesi agzasy “Suhuminiň Azatlyk” meýdanynda ýöriş geçirdi.

Bu ýörişe gatnaşanlar Şotlandiýanyň we Abhaziýanyň baýdaklaryny galgatdylar.

Aktiwist Alhas Adžinžalyň (Alkhas Adzhindzhal) habarçylara beren maglumatyna görä, “Abhaz” ýaşlar guramasy Şotlandiýa özüniň synçy delegasiýasyny ugratmagy meýilleşdiripdir, emma olara Beýik Britaniýanyň wizasy berilmändir.

XS
SM
MD
LG