Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Poroşenko bilen duşuşdy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ýurda sapar edýän Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko bilen duşuşdy. 18-nji sentýabrda Ak Tamda geçirilen duşuşygyň yzýany eden çykyşynda Obama “Orsýetiň başda Krymda, ýakynda Ukrainanyň gündogarynda agressiýasyny tankyt etdi”.

Obama Poroşenkonyň Ukrainanyň prezidenti hökmünde ýolbaşçylygyny makullady we munuň “Ukrainanyň taryhynda örän möhüm döwürde wajyp” bolandygyny belledi.

Obama ABŞ-nyň Ukraina ýurduň krizisden çykmagy üçin diplomatik çykalga tapmaga ýardam bermegi dowam etdirjekdigini mälim etdi.

Poroşenko Obama ABŞ-nyň Ukraina eden “çäksiz” ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Poroşenko Obama bilen gepleşiklerinde energiýa meselesini maslahat edendigini aýtdy, şeýle-de ABŞ-nyň toparynyň indiki hepdede Ukraina sapar edip, ýurduň energiýa bilen bagly ýagdaýyny we gyş üçin zerurlyklaryny öwrenjekdigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG