Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Norwegiýada okuw mümkinçilikleri


Studentleriň ýokary okuw jaýyň meýdançasyndan ýöräp barýan pursatyny görkezýän surat.
Studentleriň ýokary okuw jaýyň meýdançasyndan ýöräp barýan pursatyny görkezýän surat.

Norwegiýanyň hökümeti ösüp barýan ýurtlara hem-de Merkezi Aziýanyň we Gündogar Ýewropanyň ýurtlaryna “Kwota shema” (Quota Scheme) atly programma arkaly stipendiýaly okuw mümkinçiliklerini hödürleýär.

Adatça, bu programma bakalawr, magistratura we doktorantura okuwlary boýunça stipendiýa hödürleýär. Gürrüňi gidýän programma kabul edilen ýaşlara norweg studentlerine berilýän okuw puly möçberinde maliýe kömegi berler. Bu maliýe kömeginiň 30%-i grant, 70%-i bolsa kredit hökmünde, ýagny karzyna berilýär.

Muňa garamazdan, bu programma arkaly daşary ýurtlardan Norwegiýa okamaga baran studentler okuwyny tamamlap, öz watanyna dolansalar, onda studentlere berlen maliýe kömegiň karz pul bölegi hem olardan talap edilmez.

Karz pul bölegi talap edilmez

Emma okuwyny tamamlap, Norwegiýada galan ýa-da beýleki bir ýurduň raýatlygyny kabul eden studentler özlerine berlen maliýe kömeginiň karz pul görnüşindäki bölegini norweg hökümetine yzyna tölemeli bolarlar.

Bu programmanyň esasy maksady ýokary bilimiň halkaralaşmagyny mahabatlandyrmakdan ybaratdyr diýlip, “siu.no” websahypasynda bellenilýär. Häzirki wagtda Norwegiýa “Kwota shema” programmasy boýunça jemi 1100 studente doly stipendiýaly okamak mümkinçiligini hödürleýär. Olaryň 800-si ösüp barýan ýurtlardan, 300 sanysy bolsa Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan kabul edilýär.

Norweg ýokary okuw jaýyna girmek

Türkmenistanly talyplaryň bu programmanyň hödürleýän stipendiýa kömeginden peýdalanmagy üçin, olaryň ilki bilen Norwegiýanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okuwa ýerleşmekleri talap edilýär. Ýagny, türkmenistanly ýaşlar ilki bilen “studyinnorwey.no” (http://www.studyinnorway.no/sn/Masters-course-search) websahypasyna girip, Norwegiýanyň ýokary okuw jaýlaryna öz dokumentlerini tabşyrmaly.

Norweg ýokary okuw jaýlarynyň birine kabul edilen studentlerden, olaryň “Kwota shema” boýunça maliýe kömegini almaklary üçin, bu programma ýüzlenmekleri soralýar. Bu programma ýüzlenende studentlerden orta mekdebi tamamlandygy hakyndaky şahadatnamasy, öz ýurdunda azyndan iki ýyl ýokary bilim alandygy we iňlis diliniň derejesi baradaky dokumentler talap edilýär.

Bu programma barada has giňişräk maglumaty “siu.no” websahypasyndan okap bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG