Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani Eýran ÝG-a kömek eder diýdi


Eýranyň prezidenti Hasan Rohani Tähran Ýakyn Gündogaryň ilatyna özlerini “terrorçylara” garşy goramaklary üçin kömek eder diýdi.

Rohani şu hepde Birleşen Milletler Guramasynyň ýygnagyna gatnaşandan soň, 22-nji sentýabrda Nýu-Ýorky terk etmezden öň, “Eýran yslam respublikasynyň hökümet we ýaragly güýçleri olara ähli ýerde kömek eder” diýdi.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri (John Kerry) “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri tarapyndan abanýan howpy 21-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda geçirilen ýygnakda Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif (Mohammad Javad Zarif) bilen maslahat etdi.

Olaryň bu duşuşygy Eýran bilen dünýäniň iň iri alty döwletiniň arasynda geçirilen soňky ýadro gepleşikleriniň üçünji gününe gabat geldi.

Geçen hepde Kerri “Yslam döwleti” toparynyň söweşijilerine garşy göreşde Eýranyň rolunyň bardygyny aýdypdy. Muňa garamazdan, Eýran söweşiji topar bilen göreşmek üçin döredilen halkara koalisiýanyň düzümine goşulmaýar. Bu koalisiýa Birleşen Ştatlar ýolbaşçylyk edýär.

XS
SM
MD
LG