Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan türkmenleri we türkmen “ÝOJ”-lary


Uniwersitete giri\ synaglary, Kabul.
Uniwersitete giri\ synaglary, Kabul.

Türkmenistan ençeme ýyldan bäri öz ýokary okuw jaýlaryna daşary ýurtlardan, şol sanda Owganystandan okuwçy alýar. Maglumatlara görä, 2005-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna (ÝOJ-laryna) Owganystandan her ýyl 30 çemesi ýaşlar okuwa alynýar.

Emma şol ýaşlaryň arasynda etnik türkmenleriň azdygy aýdylýar. Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenler Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda okamak üçin okuwa ugradylýan ýaşlaryň aglabasyny beýleki milletler emele getirýär diýýärler.

Eýsem, munuň nähili sebäpleri bolup biler? Bu barada Owganystanda ýaşaýan etniki türkmen ýaşlary näme pikirde? Şeýle-de, Türkmenistanda okuwyny gutaryp gelen owganystanly ýaşlar Türkmenistanyň bilim sistemasy barada näme pikirde?

Täze Tolkun gepleşigimiziň nobatdaky sanynda şu tema barada gürrüň ederis. Bu baradaky pikir-garaýyşlaryňyzy gepleşigimize gatnaşyp beýan etmek isleseňiz, biziň hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň. Garaýyşlaryňyzy, bellikleriňizi aşakdaky teswir bölüminde hem galdyryp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG