Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YD-nyň nyşanalaryna zarba uruldy


Gözegçi topar 27-nji sentýabrda Siriýanyň gündogaryndaky YD-a we beýleki yslamçy toparlara howadan zarba urlandygyny aýdýar. Bu zarbalar Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky güýçler tarapyndan urlandyr öýdülýär.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy Rakka welaýatynda azyndan 31 partlamanyň eşidilendigini, ol ýerde YD-nyň ofisleriniň urlandygyny aýtdy we pidalaryň hem bardygyny habar berdi.

Koalisiýa Siriýanyň gündogaryndaky Minbej şäherindäki YD nyşanalaryna hem ilkinji zarbalaryny urdy.

Şeýle-de uruş uçarlary Al-Hammad töweregine, Homs welaýatyndaky gadymy şäher Palmyranyň gündogaryna hem ilkinji gezek zarba urdy.

Geçen aý YD tarapyndan basylyp alnan howa bazasynyň ýerleşýän ýeri bolan Tabka şäherine hem zarba uruldy.

XS
SM
MD
LG